1-nji awgustdan Türkmenistanyň ýolbaşçylar düzümi dynç alşa çykar

12-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi.

Olaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, “Arçmanda” we “Ýyly suwda” ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdigi aýdyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok