Türkmenistanly wekiller «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşýarlar. Ol Russiýa Federasiýasynyň ylym we ýokary bilim ministrliginiň hem-de «Sosiosentr» FDAYE-niň goldamagynda Kazan Federal uniwersiteti tarapyndan amala aşyrylýar. KFU-nyň «Tomusky uniwersiteti» 8-nji iýulda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Başir Rameýew adyndaky IT-seýilgähinde taslama gatnaşyjylar üçin gapylaryny giňden açdy. Ol ýerde taslamanyň açylyş dabarasy boldy.

Çäräniň açylyşynda KFU-nyň daşary aragatnaşyklar boýunça prorektory Timirhan Alişewiň belleýşi ýaly şu ýyl «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşmaga dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden 3000 haýyşnama gelip gowuşdy. Netijede, oňa gatnaşmaga 13 ýurtdan, şol sanda Abhaziýadan, Günorta Afrikadan, Braziliýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan talyplaryň 400-si çagyryldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, çäräniň myhmanlary üçin iki hepdelik gyzykly we baý maksatnama taýýarlanyldy. Ol aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler: «Emeli aň we Prompt-engineering maglumat tehnologiýalary», «Geljegiň tehnologiýalary: fizika we inženeriýa», «Dil. Medeniýet. Döredijilik», «Binagärlik. Dizaýn. Urbanizm», Business Analytcs 5.0: Design and Development of Information Panels with Yandex Data Lens (iňlis dilinde), BRICS+: New Trends in International Relations (iňlis dilinde). Giň gerimli bilim maksatnamasyndan başga-da, Kazanyň myhmanlaryna medeni çäreler, tanyşlyk gezelençleri, şäher we Respublika bilen tanyşlyk garaşýar.

Arapat BAÝYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok