Dünýä ilatynyň 62 göterimi sosial mediadan peýdalanýar

“Statista”-dan alnan maglumatlara görä, aýlyk 3 milliarddan gowrak ulanyjysy bilen “Facebook” dünýäde iň köp ulanyjysy bolan sosial media platformasy hökmünde iň ýokary ornuny saklaýar. “Facebook”-yň eýesine degişli “Instagram” we “WhatsApp” aýda 2 milliard ulanyjysy bilen sanawda 3-nji we 4-nji orunda, “Facebook Messenger” bolsa 1 milliard ulanyjysy bilen 7-nji orunda durýar.

Sanawdaky 2-nji orun “Google”-a degişli onlaýn wideo paýlaşma platformasy “YouTube” dünýäde 2,5 milliard adam tarapyndan ulanylýar. Elon Muskyň eýeçiligindäki X (öňki Twitter) platformasy 611 million ulanyjysy bilen 12-nji ýerde durýar.

ABŞ-da ýerleşýän 9 kompaniýadan başga-da, Hytaýda ýerleşýän 6 kompaniýa sanawda orun almagy başardy. Hytaýda ýerleşýän sosial media programmalarynyň arasynda iň meşhur platforma 1,6 milliard ulanyjysy bilen “TikTok” boldy.

“We Are Social”-yň 2024-nji ýyldaky hasabatyna görä, häzirki wagtda 5 milliard adam sosial mediany ulanýar, bu bolsa 8 milliardlyk dünýä ilatynyň 62 göterimine gabat gelýär. Sosial media ulanyjylarynyň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,6 göterim artdy, 266 million täze ulanyjy 2023-nji ýylda ilkinji gezek sosial mediany ulanyp başlady. Dünýäde 5,35 milliard adamyň internet ulanýandygy mälimdir. Sosial mediada günde ortaça 2,23 sagat sarp edilýär.

Ýazgül BABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok