* * *
– Men üýtgemedim… Sen ýüz öwürdiň…
* * *
– Bu şäherde saňa garaşmadyk duralgam galmady, sen bolsa olaryň birinde hem durmadyň!
* * *
– Guýlup goýlan çaý ýaly saňa garaşdym, sowadym, köneldim we garaldym…
* * *
– Sen maňa parzdyň, men bolsa saňa sünnet. Men seni söýmäge borçludym, emma sen söýmeseň-de bolýardy…
* * *
– Eliň boşaşsa ýanyma aýlan, meni görmek üçin däl, sen gideňsoň üýtgeşik we täze paýyş sözleri öwrendim, şolary eşitmek üçin…
* * *
– Sen gitmek üçin dürli-dürli bahanalar gözleýärkäň, men seni söýmek üçin hiç hili sebäp ýok wagty hem söýdüm…
* * *
– Soňky hoşlaşykda “Özüňe gowja seret!” – diýipdiň. Men bolsa şoldurda-şoldur özüme däl senden galan suratlara has köp seretdim…
* * *
– Kalbymda açan her bir Ýaraňdan, jogap sorar Ýaradan!
* * *
– Narkozyň geregi ýok, sen maňa diňeje “seni söýýän” – diý. Men aýak üstünde hem uklaryn.
* * *
– Ýüregiňizi çaga-çuganyň eline bermäň, ýogsa döwüp ýere zyňýarlar!
* * *
Atajan EÝÝUPOW.
Teswirler
Haýyrlysy bolsun!
Awtoryň içi dolup gidipdir-ä ...