Pagta süýji ýaly ekzoplaneta: WASP-193b

Astronomlar Ýupiterden has uly “WASP-193b” atly ekzoplanetanyň pagta süýji ýaly ýumşak we ýeňildigini kesgitlediler.

“WASP-193b” ekzoplanetasy 2023-nji ýylda NASA-nyň gözegçileri tarapyndan tapyldy. Astronomlar “WASP-193b” ekzoplanetanyň örän gaty pes dykyzlygynyň bardygyny anykladylar we “pagta süýji” ýaly ýumşak we ýeňil gurluşyň bardygyny kesgitlediler.

Astronomlar ekzoplanetanyň şeýle pes dykyzlygynyň sebäbini esasan wodoroddan we geliýden ybaratdygy bilen düşündirýärler. “WASP-193b” – şu wagta çenli açylan gaty pes dykyzlygy bolan ikinji planetadyr.

“WASP-193b” ekzoplanetasy Ýerden 1200 ýagtylyk ýyly aralykda ýerleşip, Ýupiterden 50 göterim uly, emma ýedi esse ýeňil.

Astronomlar bu planetanyň nädip dörändigini bilmeýärler, emma atmosferasyny öwrenmegiň onuň ösüş ýoluny anyklamaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.

Hatyja ŞADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok