Birleşen Milletler Guramasy 25-nji maýy “Bütindünýä futbol güni” diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasynda geçirilen mejlisde futbolyň beýleki sport görnüşleri ýaly dünýädäki parahatçylyga we ösüşe goşan goşandy sebäpli aýratyn bir gün bilen bellenilmelidigi nygtaldy.

Synçy agza statusyna eýe bolan, 25-nji maýy “Bütindünýä futbol güni” hökmünde bellemegi teklip edýän Türkiýe we Palestina ýaly 160-dan gowrak ýurduň hemaýatkärliginde Baş Assambleýa hödürlenen kanun taslamasy biragyzdan kabul edildi.

Futbola bagyşlanan bu günüň kesgitlemesi, 1924-nji ýylda, 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda ähli sebitleriň wekilçilik eden taryhdaky ilkinji halkara futbol ýaryşynyň 100 ýyllygyna esaslandy.

BMG tarapyndan paýlaşylan karar hatynda “Sportuň durnukly ösüşde möhüm guraly” bolandygy tassyklandy, şol bir wagtyň özünde-de “parahatçylygyň durmuşa geçirilmegine, çydamlylygy şeýle-de sylag-hormaty ösdürmäge we jemgyýetdäki gatnaşyklary güýçlendirmäge” goşýan goşandy nygtaldy.

Mundan başga-da, karar hatynda futbolda halkara dolandyryş guramasy FIFA-nyň rolundan başga-da, hat-da sebit we milli futbol federasiýalarynyň we degişli birleşikleriň oýny öňe sürmekdäki möhüm roly barada-da aýdylýar.

Karar hatynda ähli ýurtlar, BMG guramalary, halkara guramalar, hökümete degişli bolmadyk guramalar we hususy pudaklar 25-nji maýda milli ileri tutulýan ugurlara laýyklykda Bütindünýä futbol gününi bellemäge we futbolyň artykmaçlyklaryny hemmeler üçin ýaýratmaga çagyryldy.

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok