Mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça bäsleşik geçirildi

Ýaňy ýakynda Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasy orta mekdep okuwçylarynyň arasynda “Akyl – ylmyň hyrydary” ady bilen matematika bäsleşigini geçirdi.

Bäsleşige Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdepleriniň 7-nji we 8-nji synp okuwçylary gatnaşyp, onuň şertine görä her synpdan 3 okuwça gatnaşmaga rugsat berildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça emin agzalaryň adalatly baha bermegi bilen bäsleşige gatnaşan mekdep okuwçylaryna 1 sany I ýer, 2 sany II ýer we 3 sany III ýer berildi, ýagny:

I orun Tagyýew Hüseýn (10-njy orta mekdep)

II orun Tagyýew Hasan  (10-njy orta mekdep)

II orun Guwanjow Meýlis (10-njy orta mekdep)

III orun Allaýarow Ýusup (2-nji orta mekdep)

III orun Jaltykow Ahmet  (13-nji orta mekdep) 

III orun Amangeldiýew Ýusup (9-njy orta mekdep)

mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdymyzda ylmy, bilimi ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlarymyzy watansöýüji edip terbiýelemek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirildi.

Teswirler

Batyr

Salam. Bu bäsleşik barada hiç hili habar tapmaýas. Bizem gatnaşajakdyk.