Buýan – taýsyz melhem

Biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl mundan ozal, meşhur Hytaý hökümdary Şen-Nun buýanyň peýdasy barada gyzykly maglumatlary galdyrypdyr. Şeýle hem käbir gadymy lukmançylyk golýazmalarynda biziň günlerimize gelip ýeten süýji buýandan derman melhemleriniň, gaýnatmalarynyň we çaýlaryň taýýarlanylyşy barada maglumat berilýär.

Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewügiň, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, onikibarmak içegäniň sökelliklerinde, sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär. Ösümligiň dermanlyk köküni dürli garyndylaryňdyr çaýlaryň düzümine goşýarlar. Buýandan ýasalan kükrek eleksiri gägirdiji serişde hökmünde peýdalanylýar. Glisiramyň demgysmada, allergiýada, demrewde haýry kän.

Orta asyrlardaky lukmançylyk edebiýatlarynyň hemmesinde diýen ýaly buýan köki hakda köp maglumat berilýär. Buýanyň kökünden alnan toşaby «danuýaly patyşanyň» damjasynyň düzümine goşupdyrlar. Şol döwürde ony meşhur gägirdiji serişde hökmünde ulanypdyrlar.

Alymlar buýan köküniň şerbetini we glisirrizin turşusynyň howply wirus ýokanjyna edýän täsirini has jikme-jik öwrenmelidigini belläp, bu maddanyň howpsuzdygyny kesgitlediler. Ol iýmit siňdiriş, peşew bölüp çykaryş ulgamlarynyň, ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerinde peýdalanylýar.

Buýan kökünden melhemlikleri taýýarlamak gadymy tebipleriň arasynda hem meşhur bolupdyr. Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlar hem böwrek, gyzzyrma, öýken kesellerinde buýan kökünden giňden peýdalanypdyrlar.

Begli MÄMMEDOW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti
kafedrasynyň uly mugallymy,
lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok