Özbegistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler

19-njy fewralda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Özbegistanda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleri geçirmek baradaky Karara gol çekdi.

Akyldaryň ýubileý baýramçylygynyň çäginde onuň saýlanan eserleriniň ýygyndysyny, ömri we döredijilik işine bagyşlanan ylmy makalalary neşir etmek, türkmen-özbek kinorežissýorlarynyň taýýarlamagynda çeper film döretmek, şahyryň ömri we döredijiligi barada oýun sahnalaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýurduň paýtagtynda türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygyny şöhlelendirýän sungat eserleriniň sergisi, Hywa sebitinde «Magtymgulynyň döredijiligniň özbek edebiýatynda we sungatynda tutýan orny» atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Oktýabr aýynda bolsa Alişer Nowaýy adyndaky Özbegistanyň döwlet akademiki uly teatrynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik agşamy bolar.

Taryhy maglumatlarda hem bellenilişi ýaly, Magtymguly Özbegistanyň Hywa sebitinde ýerleşýän meşhur Şirgazyhan medresesinde okap bilim alypdyr. Ol belli özbek şahyry Alişer Nowaýyny öz halypasy hasaplapdyr. Ýeri gelende bellesek, Daşkentde we Hywada şahyryň hatyrasyna gurlan ýadygärlik toplumlary hem bar.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşulan Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly belleniler.

Arzygül GYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok