Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip bellemek bilen, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi ylym-bilime teşne bolan türkmen ýaşlaryny rowaçly menzillere ruhlandyrýar. Bilim ulgamynda döredilýän döwrebap mümkinçilikleriň netijesinde täzeçe pikirlenmegi başarýan, geljekde Watan ykbalyna aýgytly täsir edip biljek kämil ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Şunda ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatynyň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň rowaçlyk tapýandygyny bellemek ýakymlydyr.
Döwrümiziň bagtyýarlygy, durmuşyň belent derejesi, ýaş nesliň öňünde giň mümkinçilikleri döredip, olaryň ajaýyp geljeginiň binýadyny şu günlerden üpjün etmek babatda alnyp barylýan giň möçberli tutumlar halkymyzyň geljege bolan ynamyna ynam goşýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gülläp ösmegi babatda alyp barýan döwlet syýasatyny, il-ýurt, ýaş nesillerimiz baradaky çäksiz aladalaryny durmuşa ornaşdyrmakda bilim ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bar. Bu meselede mugallymlaryň wezipesi has jogapkärlidir.
Ýokary okuw jaýymyzyň okuw meýilnamasyna laýyklykda, mugallymçylyk tejribeligini geçýän umumybilim berýän orta mekdeplerimizde okuwçylara watançylyk terbiýesini bermek bilen bir hatarda, taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny hem-de döwlet syýasatynyň häzirki ugurlaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň many-mazmunyny ýaşlaryň aňyna ýetirýäris we olara düşündirýäris.
Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Laçyn ALTYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler