Röwşen geljegiň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýip bellemek bilen, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen tutumly işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi ylym-bilime teşne bolan türkmen ýaşlaryny rowaçly menzillere ruhlandyrýar. Bilim ulgamynda döredilýän döwrebap mümkinçilikleriň netijesinde täzeçe pikirlenmegi başarýan, geljekde Watan ykbalyna aýgytly täsir edip biljek kämil ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Şunda ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatynyň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň rowaçlyk tapýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Döwrümiziň bagtyýarlygy, durmuşyň belent derejesi, ýaş nesliň öňünde giň mümkinçilikleri döredip, olaryň ajaýyp geljeginiň binýadyny şu günlerden üpjün etmek babatda alnyp barylýan giň möçberli tutumlar halkymyzyň geljege bolan ynamyna ynam goşýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gülläp ösmegi babatda alyp barýan döwlet syýasatyny, il-ýurt, ýaş nesillerimiz baradaky çäksiz aladalaryny durmuşa ornaşdyrmakda bilim ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bar. Bu meselede mugallymlaryň wezipesi has jogapkärlidir.

Ýokary okuw jaýymyzyň okuw meýilnamasyna laýyklykda, mugallymçylyk tejribeligini geçýän umumybilim berýän orta mekdeplerimizde okuwçylara wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si­ni ber­mek bi­len bir ha­tar­da, ta­ry­hy ösü­şiň esa­sy mak­sat­la­ry­ny hem-de döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň hä­zir­ki ugur­la­ry­ny, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ägirt uly öz­gert­me­le­riniň ma­ny-maz­mu­ny­ny ýaş­la­ryň aňy­na ýe­tir­ýäris we ola­ra dü­şün­dir­ýäris.

Goý, ýur­du­my­zy ösüş­ler­den-ösüş­le­re alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Laçyn ALTYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok