Türkmenistan we Täjigistan Respublikasy öňden gelýän dostluk-doganlyk ýörelgelerinden ugur alyp, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň berkemegi ugrunda özara bähbitli oňyn daşary syýasatynyň çäklerinde meýilnamalaýyn esasda iş alyp barýarlar. Halkara syýasy giňişliginde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan döwlet işgäri hökmünde tanaýarlar. şol bir wagtyň özünde Türkmenistan Täjigistan Respublikasynyň alyp barýan daşary syýasatyna ýokary baha berýär.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soňra Täjigistan Respublikasy bilen esasy ugurlar boýunça gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge girişdi. Sebitde uzak möhletli durnuklylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamak we syýasy-diplomatik ylalaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli ylalaşyklar gazanyldy. Sebit derejesinde ulag ulgamynda ähmiýetligiň gerimli taslamalary amala aşyrmak bilen biziň ýurdumyz bu ugurda häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça birnäçe halkara başlangyçlary bilen çykyş edýär. Ýagny, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň öňesüren ulag meseleleri boýunça eýýäm ikinji rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi. Täjigistan Türkmenistanyň sebit üçin öňe sürýän başlangyçlaryny yzgiderli goldap gelýär. Muňa mysal edip, Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýoluny bilelikde gurmagyň taslamasyny hem aýdyp bolar.
Täjigistan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany ykrar etmekde ilkinj awtordaşlarynyň biri bolmak bilen sebit üçin alnyp barylýan möhüm meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşyjy agzasydyr. Täjigistan Türkmenistanyň – Merkezi Aziýany netijeli halkara hyzmatdaşlyk sebitine öwürmek baradaky umumy maksady gazanmak üçin esasy howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk meselelerine garaýan, bilelikde işlemegiň maslahat beriji gurallaryny döretmek üçin hereket edýän syýasy goňşy döwletidir.
Halkara gatnaşyklaryndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerini ösdürmäge hem-de howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy gorap saklamakda parahatçylyk ýollar bilen alyp barýan oňyn daşary syýasatymyzy açyp görkezmekde edýän işleri üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsunymyzy aýdýarys.
Mukam AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler