Ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty tejribeleri paýlaşmaga giň mümkinçilik döretdi

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde guralan birnäçe çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaş telekeçileriň işewürlik maslahaty hem geçirildi.

Maslahat diýseň täsirli bolup, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow öz çykyşynda, bu forumyň esasy maksadynyň ýaş telekeçilere goldaw bermek boýunça platformany döretmekden, döwlet kömeklerini we telekeçiligiň utgaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmakdan, sanly Start-up, Start-up-inkubatorlar boýunça tejribeleri paýlaşmakdan, innowasion işewürligi işe girizmek üçin töwekgelçilikli maýa goýum gaznalarynyň işine serişdeleri we halkara guramalary çekmekden, sebitde ýaş telekeçiligi ösdürmek boýunça bilimleri we tejribeleri alyşmakdan ybaratdygyny belledi.

Şeýle-de akylly şäherler ýaly birnäçe “ýaşyl ykdysadyýet” ýörelgelerine esaslanýan innowasiýalary ornaşdyrmagyň strategik ugurlaryny ösdürmek boýunça ýaş telekeçileriň arasyndaky giňişleýin pikir alyşmalar hem hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

Maslahatyň birinji sessiýasynda, ýaşlaryň telekeçilik işleriniň döwlet tarapyndan goldanmagy boýunça, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleri bu ugurda öz ýurtlarynyň gazanan tejribelerini we üstünliklerini paýlaşdylar.

“Keýmir” HK-nyň esaslandyryjysy Dawut Durdyýew Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaş telekeçileriň işi, olara berilýän goldawlar we mümkinçilikler barada çykyş edip, sebitdäki bu ugurda alnyp barylýan işlere seljerme berdi diýsek-de öte geçdigimiz bolmaz.

Täjigistanyň ýaş telekeçiler boýunça inkubatory Wahabzoda Şahriýor Idi bolsa, öz çykyşynda bu ýurtda soňky ýyllarda ýaş telekeçileriň gazanan üstünlikleri dogrusynda çykyş edip, öz ýurdunyň bu ugurdaky ýeten derejesini beýan etdi. Onuň çykyşyndaky maglumatlar we sanlar dogrudan hem Täjigistanda ýaş telekeçileriň işiniň ýylsaýyň ösýändigini görmek bolýardy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok