5G ulgamy ýurdumyzyň sanly ösüşine täze mümkinçilikleri açýar

Arkadag şäherinde 2025-nji ýylda işe girizilen 5G aragatnaşyk ulgamy Türkmenistanyň sanly infrastrukturasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm netijeleriniň biridir. Ýokary tizlikli aragatnaşyk tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy maglumat alyşmagyň tizligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, dürli pudaklarda sanly çözgütleriň ulanylyş gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

5G ulgamy arkaly maglumatlaryň çalt geçirilmegi önümçilik, bilim, saglygy goraýyş, hyzmatlar we beýleki ugurlarda işleriň has netijeli guralmagyna şert döredýär. Şeýle hem bu tehnologiýa sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, dürli ulgamlaryň özara baglanyşygyny güýçlendirmäge we maglumatlary dolandyrmak işini kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Ýokary tizlikli aragatnaşyk ulgamy akylly şäher çözgütlerini ornaşdyrmak üçin hem möhüm tehniki binýady emele getirýär. Dürli enjamlaryň we maglumat ulgamlarynyň özara baglanyşmagy şäher hojalygyny dolandyrmakda, ulag hereketini guramakda, howpsuzlygy üpjün etmekde we ilata hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri döredýär.

5G tehnologiýasynyň ösdürilmegi emeli aň, zatlaryň interneti we beýleki döwrebap sanly çözgütleriň ulanylyşyny giňeltmäge hem şert döredýär. Bu ugurlar önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmaga, maglumatlary seljermäge we dolandyryş çözgütlerini has çalt kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda döwrebap aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek, 5G tehnologiýalaryndan we emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenendir. Bu ugurdaky işler sanly ykdysadyýete geçişi çaltlandyrmaga, täze tehnologiýalary pudaklara ornaşdyrmaga we degişli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Arkadag şäherinde 5G ulgamynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynda täze tehnologiýalaryň ulanylyşynyň giňelýändigini görkezýär. Bu ulgam Türkmenistanyň sanly ösüşiniň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň we döwrebap hyzmatlary ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar.

Abdylkerim Agaýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok