“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi

Ýaňy ýakynda “Gujurly” bilim merkeziniň Änew şahamçasynda “Ýaşlar we ösüş” maslahaty geçirildi.

Bu maslahata “Gujurly” bilim merkeziniň diňleýjileri, halypa mugallymlar hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Maslahat “Ýaşlar we ösüş” ady bilen geçirilip, esasan çagalar we ýetginjekler barada boldy. Maslahatda “Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri Akmuhammet Babekow, Allamyrat Gapurow, Kakageldi Akmyradow, Hojamyrat Baýlyýew, Rahym Gyzylow hem-de Daňatar Batyrgulyýew dagylar çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda diňleýjiler bilen häzirki döwrüň ýaşlary temasynda sorag-jogaplar alşyldy. Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de “Gujurly bilim merkeziniň” ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda geçirilip, meýletinçiler minnetdarlyk haty we sowgatlar bilen sylaglandy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Mary şäherinde hukuk sowatlylygy barada seminar geçirildi
Köneürgenç şäherinde “Maşgala, ynam, karýera” atly seminar geçirildi
Aşgabatda ýas dizaýnerler duşuşygy geçirildi
Balkanabat şaherinde pedagogik maslahaty geçirildi
Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi
“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi
Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi
Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Sarahs etrabynda “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok