Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «Bütindünýä Täsir etmegiň reýtingine» girizildi. Bu baradaky hoş habar 1-nji iýunda «Times Higher Education» guramasyndan gelip gowuşdy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty şu sanawda görkezilen Durnukly ösüş maksatlary boýunça gatnaşdy:
– SDG 3 (Saglyk we abadançylyk);
– SDG 4 (Ýokary hilli bilim);
– SDG 6 (Arassa suw we arassaçylyk);
– SDG 17 (Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk).
Institut üçin döredilen maglumatlary girizmegiň portalynyň üsti bilen resminamalaryň iberilmegi amala aşyryldy. Reýtinge gatnaşmak üçin materiallar we resminamalar ugradylyp, 2022-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň seljermesi geçirildi we netijeler 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda yglan edildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Täsir etmegiň reýtingine girizildi.
«Times Higher Education» guramasy ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen öňdebaryjy gurama hasaplanylýar. Hakykatda, bu gurama tarapyndan geçirilýän iki sany bütindünýä reýtingleri, Bütindünýä uniwersitetleriň reýtingi(World University Ranking) hem-de Täsir etmegiň reýtingi (The Impact Ranking) Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde binýatlanýan ady belli, iň abraýly we garaşsyz Bütindünýä reýting guramasy hasaplanylýar. 2023-nji ýylda bu reýtinge 106 ýurtdan 1400-den gowrak ýokary okuw mekdepleri gatnaşdy.
Ýeri gelende belläp geýsek, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak boýunça professor-mugallymlaryň we talyplaryň halkara akademiki gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribelere esaslanyp, okuw hem-de ylmy işler innowasion usulda ornaşdyrylýar. Professor-mugallymlar we talyplar halkara derejeli ylmy žurnallarda ylmy makalalary çap edýärler. Şeýle işler abraýly sanawa goşulmakda öz oňyn netijesini berýär.
Teswirler