Ärdogan bu gezek hem saýlawda ýeňiş gazandy!

Türkiýe ýene bir taryhy saýlaw prosesini yzda galdyrdy. 14-nji maýda birinji tapgyrda geçirilen prezident saýlawy ikinji tapgyra galdy.

28-nji maýda Türk halky gaýtadan saýlawlara gitdi. Şol gün ýerli wagt bilen 17:00-da saýlawlar tamamlandy.

Saýlawçylaryň uly goldawy bilen Rejep Taýýyp Ärdogan, Kemal Kylyçdarogluny saýlawlarda ýeňip gaýtadan prezident saýlandy.

Rejep Taýýyp Ärdogan 14-nji we 28-nji maýda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanyp täzeden Prezident bolmagy başardy. Ärdogan jemi 17 gezek saýlawlarda ýeňiş gazandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok