Ýoga – beden bilen işlemek

Ýoganyň taryhy gadymy döwürlere degişlidir. Indus jülgesinde hindi siwilizasiýanyň miladydan öňki 3300 — 1700-nji ýyllar aralygyna degişli tapylan arheologik tapyndylar, birnäçe möhür meditasiýa ýoga hereketini ýatladýan şekilleri görkezýär. Şeýle-de bu arheologik tapyndylar gadymy ýoganyň Harrapan siwilizasiýasynyň ilatynyň däp-dessurlaryndan biri bolandygyny aýdýar. Ýoga ylym bilen meşgullanýan adamlara has zerurdyr. Ol gözleg, synag, ýalňyşlyk we gözegçilik arkaly kem-kemden kämilleşmäge, ruhy taýdan ösmäge kömek edýär.

Adamyň tutuş barlygyna täsir edýän ýoga sekiz ädimden: ahlak ýörelgelerini berjaý etmekden, beden bilen işlemekden, dem almakdan, psihikany we aňy dolandyrmak üçin has inçe usullardan ybaratdyr.

Ýoga, esasan, beden bilen işlemek diýmekdir. Onda bedeni berkitmäge we rahatlandyrmaga, fiziki sazlaşygy gazanmaga gönükdirilen maşklar toplumy jemlenendir. Ýoga çydap bolmaýan zady nädip bejermelidigini we bejerip bolmaýan zatlara nädip çydam etmelidigini öwredýär.

Mundan başga-da ýoganyň peýdalary sanardan kän. Ol saglygy ýokarlandyrmaga, arka we boý agyrylaryny azaltmaga, agramy kadaly ýagdaýa getirmäge, keýpiňi gowulaşdyrmaga, nerw damarlaryňy gowşatmaga, bedeniň çydamlylygyny we immuniteti ýokarlandyrmaga, ukyňy kadaly almaga ýardam edýär. Ýoga bilen meşgullanýan adam bagt we rahatlyk duýgusyny başdan geçirýär.

Baýram DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok