Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Joş­gun­ly aý­dym-saz­lar, şy­gyr­lar yn­sa­na ga­nat bag­lap, ony ýa­şaý­şa hö­wes­len­dir­ýär. Şa­hyr­la­ryň gö­wün jo­şun­dan çyk­ýan şy­gyr­lar yn­san ru­hu­ny gal­kyn­dyr­ýar. Mu­ňa be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­ny oka­nyň­da has-da göz ýe­tir­ýär­siň. Türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry gym­mat­ly ha­zy­na­dyr.

Hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy, be­ýik şah­sy­ýet­le­ri bar. Şo­la­ryň bi­ri-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň ara­syn­da däl, eý­sem, dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da-da sar­pa­sy ulu­dyr. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry dün­ýä dil­le­ri­niň en­çe­me­si­ne ter­ji­me edil­di. Da­şa­ry ýurt­ly alym­lar ta­ra­pyn­dan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nan en­çe­me yl­my iş­ler, ma­ka­la­lar ýa­zyl­dy, hal­ka­ra de­re­je­de yl­my mas­la­hat­lar ge­çi­ril­di.

Be­ýik şa­hyr hak­da söz açy­lan­da: «Mag­tym­gu­ly aý­dan bol­sa dog­ru­dyr» di­ýil­ýär. Mu­nuň özi şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne halk ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän anyk kes­git­le­me­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz şa­hy­ryň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­na, paý­ha­sa, öwüt-ün­de­we ýug­ru­lan eser­le­ri­ni öz dur­muş­la­ryn­da sa­pak edi­nip ýa­şap­dyr­lar. Bu ýö­rel­ge ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýär.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy äh­li yn­san­la­ryň köň­lün­de uly orun eýe­le­ýär. Şa­hy­ryň eser­le­ri ýyl­lar, asyr­lar geç­se-de, özü­niň gym­ma­ty­ny ýi­tir­me­ýär. Akyl­da­ryň şy­gyr­la­ryn­da öňe sü­rül­ýän pi­kir­ler umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň de­re­je­sin­de dur­ýar. Çün­ki akyl­dar şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­niň maz­mu­ny be­lent adam­kär­çi­lik, ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne ýug­ru­lan­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ryn­da wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň be­lent was­py­nyň bar­dy­gy bol­sa onuň gym­mat­ly mi­ra­sy­nyň has-da ýo­ka­ry­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Türk­men hal­ky­nyň da­na şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy Wa­ta­na, onuň aba­dan, pa­ra­hat dur­mu­şy­na, ke­rem­li top­ra­gy­na bo­lan be­ýik söý­gä, be­lent duý­ga eý­le­nen­dir.

Begli GARAJAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok