Kä­mil hü­när­men­ler­ – röw­şen gel­je­giň eýeleri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler bi­ziň her bi­ri­mi­zi buý­san­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, ýaş­lar ha­kyn­da­ky ala­da­ny hem baş we­zi­pe edip goý­ýar. Çün­ki ýaş­lar Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne go­şant goş­ýan kä­mil hü­när­men­ler­dir, röw­şen gel­je­gi­miz­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ylym-bi­lim al­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi, saý­lap alan hü­när­le­ri­niň ha­ky­ky eýe­le­ri bol­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler, döw­re­bap şert­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň özi bol­sa biz ýaş­la­ry tä­ze mak­sat­la­ra, be­lent üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar.

Ýokary okuw jaýymyzyň okuw meýilnamasyna laýyklykda, mugallymçylyk tejribeligini geçýän umumybilim berýän orta mekdeplerimizde okuwçylara wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si­ni ber­mek bi­len bir ha­tar­da, ta­ry­hy ösü­şiň esa­sy mak­sat­la­ry­ny hem-de döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň hä­zir­ki ugur­la­ry­ny, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ägirt uly öz­gert­me­le­riniň ma­ny-maz­mu­ny­ny ýaş­la­ryň aňy­na ýe­tir­ýäris we ola­ra dü­şün­dir­ýäris.

Goý, ýur­du­my­zy ösüş­ler­den-ösüş­le­re alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Jeren SOPYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok