Olimpiýa oýunlarynyň taryhy 2800 ýyl töweregi bolup, Gadymy Gresiýada oňa gatnaşmak örän abraýly hasaplanylypdyr.
Häzirki zaman Olimpiýa oýunlary XIX asyrda täzeden janlanýar we 1896-njy ýyldan bäri her 4 ýylda bir gezek geçirilýär.
XIX asyryň ahyrlarynda olimpiýa oýunlarynda bary-ýogy iki sany esasy baýrak bardy we altyn medal düýbünden ýokdy. Ýeňijilerden birinji ýere diňe kümüş medal hem-de däp boýunça zeýtun şahajygy, ikinji ýere bürünç medal berilýärdi. 1912-nji ýyldan başlap bolsa birinji ýeri eýelänlere altyn medal berlip başlandy.
Olimpiýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan bäş sany reňkli halkalar ýer ýüzünde ýaşaýyş bolan bäş sany yklymyny (Antarktidany hasaba almazdan) aňladýar.
Dürli ýyllarda olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň iň ýaş we iň garry gatnaşyjylarynyň arasyndaky ýaş aratapawudy 62-ä deň. 1900-nji ýylda geçirilen oýunlara gatnaşyjy iň ýaş türgen bary-ýogy 10 ýaşyndaky grek gimnastikaçysy bolup, iň uly ýaşlysy 1920-nji ýylda gatnaşan şwesiýaly türgen hasaplanylýar.
Olimpiýa oýunlarynyň resmi baýdagy 1913-nji ýylda Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan döredildi.
Olimpiýa oýunlarynyň şygary Citius, Altius, Fortius, Communis diýen latyn sözlerinden gelip çykyp, «çalt, ýokary, güýçli, bilelikde» diýmekligi aňladýar.
Olimpiýa oýunlarynyň milli toparlarynyň parady 1908-nji ýyldan bäri geçirilýär.
Parahat NURMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler