Ýurdumyzda ýetip gelýän baýramçylyklar mynasybetli söwda nokatlary guralar

25-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk söwdalaryny guramak, haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda nokatlaryny ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda öndürilýän azykdyr beýleki önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny, olaryň bahalarynyň elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok