Gurbanguly Berdimuhamedow milli pulumyzy daşary ýurt puluna öwürmekdäki kynçylyklar barada durup geçdi

23-nji noýabrda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda, Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Dünýädäki ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň we banklarynyň önümçilik kärhanalaryna goldaw bermegi baradaky sorag ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup durýar. Tölegleri geçirmekdäki kynçylyklar, milli pulumyzy erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwürmekde emeli usulda kynçylyklaryň döredilmegi, zerur çig malyň möhletinde üpjün edilmändigi üçin önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmezligi bilen ylalaşyp bolmaz.

Biz şeýle önümçilik kärhanalarynyň bardygyny bilýäris – diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de ýurduň önümçilik kärhanalary kadaly işlände, dürli önümleriň has köp öndüriljekdiginiň, tölenýän salgytlaryň möçberiniň artjakdygynyň, şonuň netijesinde bolsa býujete gelip gowuşýan serişdeleriň hem köpeljekdiginiň düşnüklidigini belledi. Bu babatda maliýe-bank ulgamyna şu soraglary seljermegiň we çalt netijeleri berýän çözgüdi tapmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok