Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň maliýe-bank ulgamymyzyň ýolbaşçylary heniz ýaramaz işleýärler»

23-nji noýabrda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda, Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi barada aýdyp, ilkinji nobatda, onuň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini artdyrmak üçin göz öňünde tutulandygyny belledi. Biz döwlet derejesinde adamlaryň durmuş taýdan goraglylygyny we olaryň zähmetine hak tölemegi üpjün etmek bilen bagly soraglara hemişe üns berýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň her ýyl 10 göterim artdyrylýandygyny belledi.

Bu iş mundan beýläk hem dowam etdiriler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de munuň adamlar barada edilýän aladanyň örän möhüm ugrudygyny belledi. Şoňa görä-de, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň bu ugra aýratyn üns bermelidikleri nygtaldy. Emma, ozal hem aýdyşym ýaly, biziň maliýe-bank ulgamymyzyň ýolbaşçylary heniz ýaramaz işleýärler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda: «Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?» diýen sowallar ýüze çykýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy adamlar hakynda alada etmek üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň netijesinde munuň üçin serişdeleriň hem ýeterlikdigini belledi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok