Köňülleriň parahatçylyk senasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň halkara derejede giň goldawa eýe bolan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyz halkara gatnaşyklaryň gün tertibinde duran möhüm wezipeleri Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, deňhukukly hem-de köptaraply dialogy amal etmek arkaly işjeň durmuşa geçirýän ynamdar döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylyk ideýasyny diplomatiýanyň mümkin bolan ähli serişdeleri arkaly wagyz edýär.

Garaşsyz ösüşiň 31 ýylynyň dowamynda geçilen ýola ählitaraplaýyn seljerme berlende, ýetilen sepgitleriň birnäçe taryhy sebäplere esaslanýandygyna göz ýetirmek mümkin. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň daşary döwletler we halkara guramalar bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryň düýpgöter täze esasda alnyp barylmagyny şertlendirendigi şübhesizdir. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň täsirli we ygtybarly guraly hökmünde özüni ykrar etdirip, syýasy giňişlikde ýokary goldawa eýe boldy. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimize daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak, sebitde hem dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, howpsuzlygy üpjün etmek meselesinde oňyn şertleri döredýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanan netijeli parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň geografik çäkleri giňeýär.

Halkymyzyň gadymdan gelýän zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, rehimdarlyk, myhmansöýerlik, sabyrlylyk, geçirimlilik, dogruçyllyk, parahatçylyk söýüjilik, watançylyk ýaly asylly häsiýetleri dünýä döwletleri we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge ýardam berýär. Ynsanperwer gatnaşyklaryň mazmunyny düzýän bu gymmatlyklaryň esasynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary işlenip düzüldi.

Döwletimiz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Gurama Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça jogapkär bolan ýeke-täk kanuny we hemmetaraplaýyn halkara gurama bolup durýar. Şonuň üçin hem möhüm halkara meseleleri Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam bermek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.

Goý, bagtyýar raýatlaryň abadan durmuşy hem-de ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýlar PYHYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz

uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok