Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Söwda senagat edarasynda ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergi geçirildi. Giň gerimli geçirilen sergä ýurdumyzda el halylarynyň telekeçilik işini alyp barýan «Hemdem» haly önümçilik birleşigi hem gatnaşdy.
Ýatladyp geçsek, «Hemdem» haly önümçilik birleşigi türkmeniň gadymy sungaty bolan halyçylyk sungatyny dowam etdirip, islendik ölçegdäki el halylaryny, ýan torbalary, kilim we halyçalary eýýäm 30 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyzda hem-de dünýäniň dürli künjegindäki müşderilere ýerläp gelýär. Şeýle hem «Hemdem» haly golaýda, «Hemdem» haryt nyşanly önümlerini meşhur onlaýn söwda platformasy bolan «eBay»-a goşdy.
“Hemdem” haly dükany Aşgabat şäheriniň Oguzkent oteliniň dükanlar bölüminde ýerleşýär. Dükan sagat 10:00 – 20:00 aralygynda müşderilerine hyzmat berýär. Dükanyň sahypasyna şu ýerden geçip bilersiňiz.
Şeýle-de okaň:
Teswirler