Däneçilik -kiçi oba hojalyk toplumy

Watanymyzyň özbaşdaklygyny alan ilkinji gününden başlap halkymyz üçin iň wajyp meseläni – azyk garaşsyzlygyny amala aşyr- mak baradaky işler soňky ýyllarda hem üstünlikli dowam etdirildi. Eger-de Sowet ýyllarynda Türkmenistan ýylda 70  mün  tonna  galla  öndüren  bolsa,  Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan   başlap  ilatyň  ak bugdaýa bolan islegi ýurdumyzda öndürilýän gallanyň hasabyna kanagatlandyrylyp başlandy.

Bugdaý Türkmenistanyň hemme welaýatlarynda öndürülýär.

Ýöne öndürülýän bugdaýyn möçberi we gektardan alynýan hasyllylyk hemme welaýatlarda deň däl. Ahal welaýaty ýurdumyzda bugdaý öndürýän iň uly sebit bolup, onuň paýyna öndürülýän bugdaýyň üçden bir bölegi töweregi düşýär.  Lebaply  gallaçylar  bugdaýyň  gektardan  alynýan hasyllylygy barada ýokary netije gazanýarlar. Mundan sanlyja ýyl ozal hem Lebap welaýatynda her gektardan 40-50 sentner hasyl almak ýokary netije hasaplanylýan bolsa, häzirki wagytda Lebapda gektardan 70-80 sentner ýokary hilli bugdaý ýetişdirýän daýhanlar az däl.        

Ýurdumyzda  bugdaýyň ýeterlik öndürilmegi üçin Türkmenistanda bugdaýyň   ekin   meýdanlarynyň   möçberi   esasan   täze   ýerleri   özleş- dirmegiň we hasyllylygy artdyrmagyň hasabyna artdyryldy, däneçiligi ösdürmekde, esasan bugdaý öndürmekligi artdyrmaklyga uly üns berildi, däneçilik  boýunça  ylmy-barlag  işler  alnyp  barlyp,  bugdaýyň  ýokary hasylly we oňat hilli sortlary önümçilige ornaşdyryldy, bugdaý öndürmeklige eýeçiligiň dürli görnüşleri gatnaşdy, öndüriji bilen döwletiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy işlenip düzüldi we kämillerişdirildi, bugdaý öndürilşiniň artmagy bilen däne saklanýan, un, çörek we beýleki önümleri öndürýän ugurdaş kärhanalaryň giň toplumy guruldy.

Däneçilik pudagynyň şu aşakdaky artykmaçlyklary bar.

1. Ätiýaçlyk gor höküminde köp wagtlap bolýar.

Bugdaýyň guramaklyk derejesi 1 ýylyn dowamynda 3%-den ýokary bolmaýar.

2. Dänelik ekinleri bir ýerden başga bir ýere äkitmeklik amatly bolýar.
3. Dänelik ekinleri ekin dolanşygynda ulanyp bilýar.

Şeýlelikde dänelik ekinler Türkmenistanyň ähli ýerinde ekilýär. Türkmenistanda şu aşakdaky dänelik ekinler ekilýär; bugdaý, arpa, süle, mekgejöwen, şaly, sorga (jöwen).

2018-nji ýylyň maglumatyna görä dänelik ekinleriň ähli meýdanynyň 94.1%-ne bugdaý, 2.5-%-ne şaly, 2.3%-ne dänelik mekgejöwen ekilipdir. Şeýlelikde  ýudumyzda  2000-nji  ýylda  1  mln.  739  müň  tonna  däne öndürilen bolsa, 2018-nji ýylda 1 mln. 50 mün tonna däne öndürildi. Welýatlaryň içinde iň köp öndüren Ahal welýaty soňra Lebap we Mary welaýaty.

.

Gözel Kulyýewa,

Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

                                                                                                                           

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok