Ýer ýüzünde ilkinji metro, 1863-nji ýylda Londonda peýda bolýar. Otlynyň ýeriň astyndan gidýän görnüşi bolan bu jemgyýetçilik ulagy geçen asyryň ortalarynda, dünýäniň iri şäherlerinde peýda bolup başlaýar. Metrolar ýeriň astyndan gitmegi, aýratyn ýolunyň bolmagy we ýol yşykda ýaşyl çyranyň ýanmagyna garaşmaýandygy üçin ýolagçy gatnawynda iň gowy çözgütleriň biri hasaplanýar. Dürli sebäplere görä, metro ýollary has çuňlukda gurulýar.
Kiýew metrosynyň Swýatoşinsko – Browarskaýa liniýasyndaky Arsenalnaýa duralgasy ýeriň aşagynda 105,5 metr çuňlukda ýerleşip, häzirki wagtda iň çuň metro beketleriniň biri hökmünde dünýädäki ornuny saklaýar. Ýolagçylar metro barmak üçin iki sany uzyn eskalatordan düşmeli bolýarlar. Duralga Kiýewiň geografik aýratynlygy sebäpli, gaty çuňlukda gurulmaly bolupdyr. Ak we gülgüne mermer bilen bezelen, bu duralga 1960-njy ýylda açylypdyr.
Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty bolan Sankt – Peterburg şäheriniň içinden Newa derýasynyň birnäçe şahasy kesip geçýär. Bu şäherde saklanyp galan taryhy binalaryň sany hem az däl. Şeýle bolansoň, inženerler şäher içine gatnawy aňsatlaşdyrmak üçin has çuň metro ýollaryny gurmaly bolupdyrlar. Şäherde hereket edýän metronyň alty duralgasy dünýäde iň çuň metro duralgalarynyň sanawyna girýär. 86 metrlik Admiralteýskaýa duralgasy dünýädäki iň çuň üçünji metro duralgasy hasaplanýar. Bu metro ulgamynda dünýäniň iň uzyn eskalatorlary bar, olaryň uzynlygy 130 metrden geçýär. 2011-nji ýylda açylan bu duralga harby-deňiz taslamasy boýunça dizaýn edilip, rus deňiz serkerdelerine bagyşlandy.
Portlend bekedi, ABŞ-nyň Oregon ştatynyň Portlend şäherindäki bu beket 79 metr çuňlukda ýerleşýän hem bolsa, metronyň däl-de, tramwaýyň duralgasydyr. 1998-nji ýylda açylan bu beket Demirgazyk Amerikadaky iň çuň jemgyýetçilik ulagy duralgasy bolup, şäherdäki ýeke-täk ýerasty tramwaý duralgasy hasaplanýar.
Ýakup GURBANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler