12-nji martda – Türkmenistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Karar kabul etdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçiriler.

Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti özüniň iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atandygyny, özi babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigini, ýurdy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini belläp, özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar baradaky bu başlangyjadan ugur alyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunçylygy esasynda degişli işleri geçirmek boýunça tabşyryk berdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň Prezidenti 7 ýyl möhlet bilen saýlanylýar.

Şeýle-de okaň:

Berdimuhamedowyň – Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagyna 15 ýyl doldy

Saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça saýlaw toparynyň başlygyna tabşyryk berildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok