Çölde agaç oturdýan robotyň taslamasy işläp düzüldi

Dubaýyň Dizaýn we Innowasiýa institutyndan Mazyar Etehadi tarapyndan döredilen A’seedbot roboty bilen çöl ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmegi maksat edinýär. Bu robot, häzirki zaman daşky gurşaw meselelerini çözüp biljek täzelikleri görkezmek üçin dizaýnerleriň ýygnanan Global Grad Show-da tanyşdyryldy.

Ululygy bary-ýogy sekiz dýuým bolan bu kiçijik robot özüniň gün panelleri bilen günüň dowamynda öz-özüni zarýat bilen üpjin edip gijelerine-de öz işine dowam edip biler. Täze döredilen bu robot diňe öz tohumlaryny doldurylmaly wagty adamyň kömegine mätäçlik duýýar.

Taslamanyň eýesi bolan Mazyar Etehadi CNN habarçylaryna beren reportažynda “Daş töweregimizde has köp ösümlükleri bolmagyny isleýärin” diýip nygtap geçdi.

Meýlis ÖWEZOW

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok