Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara dünýäniň islendik ýurdunyň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwreniş okuwlaryny geçmäge giň mümkinçilikler döredildi.
Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň barha işjeňleşmegi dünýä dilleri boýunça kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna bolan talaby güýçlendirýär. Çünki, hemmämize mälim bolşy ýaly, dil dostlugyň we hyzmatdaşlygyň esasy serişdesidir. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek barha güýçli depgine eýe bolýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän bilim, ylym babatdaky möhüm resminamalar, hususan-da, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamlarynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredýär.
Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn esasda dürli çäreler geçirilýär. Ýaş nesle daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmak zehini taplaýar, dil babatdaky taýýarlyk ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde ýurdumyzyň ýokary we orta mekdeplerinde netijeli işler alnyp barylýar.
Jennet SAMMYÝEWA,
D.Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler