2022-nji ýylda “Wi-Fi 6” tehnologiýasy “5G” tehnologiýasyndan öňe geçer

“Deloitte” şereketi tarapyndan taýýarlanan habara görä, 2022-nji ýylda “Wi-Fi 6” tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan enjamlaryň satuwy “5G” enjamlardan ýokary bolar.

“Wi-Fi 5” tehnologiýasyndan has çalt “Wi-Fi 6” tehnologiýasy sebitdäki köp enjamlara bir wagtyň özünde simsiz birikme gurmaga mümkinçilik berýär. “1 GGs” we “5 GGs” zolaklarda işlemekden başga-da, “2,4 GGs” diapazonda hem işläp bilýän “Wi-Fi 6” tehnologiýasy, bu diapazonda aragatnaşyk edýän beýleki enjamlar bilen hem aragatnaşyk saklaýar.

“Wi-Fi 6” tehnologiýasy has gowy ýüklemek we göçürip almak tizligine eýedir. “5G” tehnologiýasy köpçüligiň gün tertibinde bolsa-da, “Wi-Fi 6” tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan enjamlaryň satuwy ýakyn ýyllarda “5G” gabat gelýän enjamlardan ýokary bolar.

“Deloitte”-iň çaklamalaryna görä, 2022-nji ýylda “5G” gabat gelýän enjamlar bazarda 1,5 milliard dollara barabar bolar, “Wi-Fi 6” tehnologiýasy bolan enjamlaryň satuwy bolsa 2,5 milliarddan geçer.

Agameret ÖWWIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok