Bir roboty göz öňüne getireniňizde, adaty beýleki robotlar ýaly diýip pikir edip bilersiňiz. Ýöne robotlar pikir edişiňizden has uly işleri ýerine ýetirip biler. Mysal üçin, laboratoriýadaky robotlar ulgamlardaky şol bir gaýtalanýan işleri ýerine ýetirmek şeýle-de howply himiki serişdeleri daşamak arkaly howpsuzlygy we netijeliligi ýokarlandyryp biler.
Emma robot işe başlamazdan ozal energiýa gerek. Adatça bu elektrik ýa-da batareýa bilen üpjün edilýär. Ýöne iň ösen soňky robotlar hem batareýanyň güýjüni gutaryp biler. Birnäçe ýyl bäri alymlar elektrik we girişsiz özbaşdak we üznüksiz işläp bilýän robot ýasamak isleýärler.
Ýakynda, tebigat himiýasynda hödürlenen netijelere görä, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Milli Lawrens Berkeli barlaghanasynda we Amherstdäki Massaçusets uniwersitetinde işleýän alymlar ilkinji gezek elektriksiz üznüksiz işlemäge ukyply, batareýasy iýmitlenip dursa hiç hili gutarmaýan robotlary ýasadylar.
Massaçusets uniwersitetiniň we Amherst uniwersitetiniň şeýle-de Berkeli laboratoriýasynyň alymlary: “Biz tehnologiýada örän öňegidişlik gazandyk. Robotlar indi öz-özünden hiç hili goldaw bolmazdan hereket edip bilerler. Biz ýüze çykyp biljek dürli päsgelçilikleri aradan aýyrdyk.” – diýip, belläp geçdiler.
Taňryberdi AKMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
talyby.
Teswirler