“Wagt bilen çäklendirilen iýmit” iňlis dilinde gysgaldylyp “TRE” diýlip atlandyrylýar. “TRE” diýmek, günüň diňe 8 sagadyny iýmit iýmek we galan 16 sagadyny agyz beklemek diýen manyny berýär. Gözlegçiler wagt bilen çäklendirip iýmitlenmegiň saglyk üçin möhümdigini bellediler. Geçirilen gözlegleriň netijesinde, çäkli iýmitlenmek bilen düwnük ýaly käbir möhüm keselleriň täsiriniň ep-esli azaljakdygy göründi.
Ýakynda hünärmenler tarapyndan “TRE” diýlip atlandyrylýan täze berhiz usuly ýüze çykaryldy. Bu berhizde näçe iýseňem tapawudy ýok. Şonuň üçin kaloriýany hasaplamak hökman däl. “TRE” üçin hünärmenler haýsy iýmitleri kabul edýändigiňiz bilen gyzyklanmaýarlar, ýöne şol iýmitleri haýsy wagt aralygynda iýýänligiňiz bilen gyzyklanýarlar.
Wagtlaýyn iýmitlenmek boýunça hünärmen hökmünde Dr. Satchin Panda bu mesele boýunça örän möhüm gözlegler etdi. “TRE” üçin kitap ýazan lukman, öz kitabynda sagdyn we uzak ömür üçin wagty kesgitläp iýmitlenmegiň ähmiýetini nygtady. Dr. Satchin Panda bu barada eden çykyşynda: “Almadan azajyk dişlän wagtyňyz bedeniň prosesini tamamlamagy üçin birnäçe sagat gerek bolýar. Bu, bedeniň köp işlemegine we organlaryň çalt garramagyna sebäp bolýar.” diýip, käbir meselemleri getirdi.
Merjen MYRATBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler