Nebithimiýa we tekstil önümleri eksportda öňdeligi eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwda geleşikleriniň 37-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Ýagny, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini daşary ýurt puluna satyn aldylar. Şeýle-de, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz we tehniki kükürt BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri tarapyndan satyn alyndy.

Mundan başga-da, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna ýurdumyzdan el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy bolsa ABŞ-nyň 30 million 134 müň dollaryna barabar boldy.

Owganystanyň Birleşen we Arap Emirlikleriniň telekeçileri el halylaryny hem-de ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 82 müň manatlykdan gowrak boldy.

Jumageldiýew Muhammet

Türkmenistanyň döwlet energetika insitutynyň
senagat-tehnologiýa fakultetiniň
 energetika
pudagynyň ykdysadyýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok