Ýurdumyzyň agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar

Ýurdumyzyň agyr atletika boýunça 15 türgenden ybarat milli ýygyndy topary 7-nji dekabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde başlanýan dünýä çempionatyna gatnaşar.

29-njy gezek geçirilýän zenanlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna Ýulduz Jumabaýewa, Bägül Berdiýewa (ikisem 49 kg çenli agramda), Polina Gurýewa (59 kg), Gülnabat Kadyrowa (71 kg) we Aýsoltan Toýçyýewa (81 kg) Türkmenistana wekilçilik ederler. Şeýle-de 86-njy gezek geçirilýän erkekleriň arasyndaky bäsleşikde Seýitjan Mirzaýew (61 kg çenli agramda), Maksat Meredow (73 kg), Rejepbaý Rejebow, Şatlyk Şöhradow (ikisem 81 kg), Rustam Annaberdiýew (89 kg) we Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg) çykyş ederler.

Milli ýygyndy topar Özbegistanda geçirilýän dünýä çempionatyna ugramazdan ozal, paýtagtymyzyň «Sport» myhmanhanasynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Dopinge garşy milli agentligi we Agyr atletika federasiýasy bilen bilelikde guran dopinge garşy bilim seminaryna gatnaşdylar.

Bu dünýä çempionaty  Peruda geçirilmelidi, emma koronawirus pandemiýasy zerarly Agyr atletika halkara federasiýasy ýaryşy Özbegistanyň paýtagtynda geçirmegi karar etdi.

Bu dünýä çempionatyna 74 ýurtdan 432 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Erkekler hem-de zenanlar 20 agramda uly we kiçi medallar ugrunda bäsleşerler.

Mekan AHMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok