Dünýäniň iň öňdebaryjy şereketleriniň biri hasaplanýan Tesla ýenede bir adatdan daşary täze önümini alyjylar köpçüligine hödürledi. Çagalar üçin döredilen dört tekerli kwadrasikl görnüşindäki elektrikli bu ulag “Cyberquad” diýlip atlandyryldy.
Litiý akkumulýatory arkaly hereket edýän “Cyberquad” sagatda 15 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr. 8 ýaş we ondan uly çagalar üçin niýetlenen bu ulagyň bahasy 1,900 dollara barabar.
Dünýäniň dürli künjeklerinde söwda nokatlaryna çykarylan “Cyberquad” eýýäm birnäçe günüň dowamynda satylyp gutardy. Mundan başga-da, bu ulagyň 68 kilograma çenli göterijilik ukyby bardyr. Şeýle-de, çagalar üçin niýetlenen bu ulag beýlekilerden tapawutlylykda plastmassadan däl-de demirden öndürilendir.
ŞAMYRADOW Merdan
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we
gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Teswirler