Türkmenistan“Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet äjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky 14-nji hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Merkezi Aziýanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşan bu forumda pandemiýanyň netijeleri, sebitleýin we global prosesleri göz öňünde tutulyp, Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda has netijeli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy. Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we sanly tehnologiýalar pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk nobatdaky forumyň gün tertibine girizildi.

Täjigistan Respublikasynyň baştutanlygynda gurnalan Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky 14-nji Hyzmatdaşlyk Forumynda Sekretariatyň täze direktorynyň dalaşgärligini hem-de 2022-nji ýyl üçin Sekretariatyň iş meýilnamasy tassyklandy.

Baýramowa Ogulmaýsa
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Durmuş ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň
Žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok