2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 555 million 700 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24% ýokarydyr. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hasabat berdi.
Berilen hasabata görä, 2020-nji ýylyň degişli döwründe iki goňşy döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 422 million ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy. Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär. 2021-nji ýylyň ilkinji on aýynda Özbegistan 404 million ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Özbegistanyň Türkmenistana eksporty 151 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
2021-nji ýylyň ilkinji on aýynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 32 milliard 600 million ABŞ dollaryna ýetip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 milliard 500 million ABŞ dollary ýa-da 8,5% ýokarlandy. Şol döwürde Özbegistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy Hytaý boldy. Iki ýurduň arasyndaky dolanyşyk 6 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Özbegistanyň Hytaýa eksporty 2 milliard ABŞ dollaryndan, bu ýurtdan importy bolsa 4 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.
Akjemal BAÝRYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler