Täze desganyň açylyş dabarasy boldy

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy.  Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berýär. 

Häzirki döwrüň iri we döwrebap kärhanalarynyň biri bolan Babadaýhan dokma toplumy dört sany önümçilik birligini özünde jemleýär. Umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollary bolan täze toplumyň düzümine ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata fabrikleri girýär. Tutýan meýdany 20 gektar bolan döwrebap kärhanada işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin önümçilik binalaryndan başga-da, iki gatly edara binasy, dürli ammarlar, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk desgalary bar. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly iş we dynç alyş şertlerini döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, iki gatly, 16 orunlyk myhmanhanalaryň ikisi ýerleşýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak bu toplumda Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu toplum ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplük, 20 million inedördül metr dürli görnüşli, şol sanda 18 million metr boýalan mata hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly täze kärhananyň önümleri içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen, köp möçberde serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde özümizden artýan taýýar önümleri beýleki döwletlere-de ibermäge şert döreder. Bu bolsa pudagyň eksport mümkinçiligini, gelip gowuşýan maliýe serişdelerini artdyrmaga uly goşant goşar.

Bu döwrebap toplumyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzda 1 müň 150 sany täze iş orny dörär. Bu bolsa golaýdaky etraplardyr şäherleriň ilatyny hem iş bilen üpjün etmekde, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we 
gurluşyk institutynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok