Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň gözelligi we atly sport boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Niderlandlar Patyşalygynyň Wenraý şäherinde guralan çärä Niderlandlaryň hem-de Türkmenistanyň ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň wekilleri, atçylyk pudagynyň hünärmenleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Kitabyň daşary ýurt dilinde neşir edilmegi türkmen halkynyň ahalteke bedewlerine bagly milli däplerini we atşynaslyk medeniýetini has giň okyjylar köpçüligine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Eserde bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny, at ýetişdirmek we seýislemek bilen bagly asyrlardan gelýän tejribeler barada dürli maglumatlar beýan edilýär.
«Atda wepa-da bar, sapa-da» eseri ilkinji gezek 2019-njy ýylda okyjylara ýetirildi. Kitap sekiz bölümden ybarat bolup, onda ahalteke atlarynyň taryhy, olaryň özboluşly aýratynlyklary, seýisçilik däpleri hem-de milli medeniýet bilen arabaglanyşygy barada ylmy, taryhy we edebi maglumatlar jemlenýär.
Türkmen atşynaslyk medeniýetinde bedew halkyň taryhy we ruhy mirasy bilen baglanyşykly gymmatlyk hökmünde kabul edilýär. Şonuň üçin kitapda at bilen adamyň arasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen özboluşly gatnaşyklara hem giň orun berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri niderland diline geçirilmegi ýerli okyjylara türkmen bedewleriniň aýratynlyklary, milli seýisçilik däpleri we atçylyk medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle neşirleriň peýda bolmagy dürli ýurtlaryň atşynas hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagyň hem-de medeni gatnaşyklary ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini açýar.
Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy ahalteke bedewleriniň gözelligine bagyşlanan halkara çempionatyň geçirilýän günlerine gabat geldi. Ýaryşlaryň dowamynda Türkmenistanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň wekilleri bir ýere jemlenip, bedewleriň gözelligi we atly sportdaky mümkinçilikleri boýunça bäsleşdiler.
Şeýle hem halkara çäreleriň dowamynda türkmen at üstündäki milli oýunlarynyň görkezilmegi ýerli tomaşaçylara ýurdumyzyň atçylyk medeniýetiniň baýlygyny has ýakyndan tanamaga mümkinçilik berdi.
Türkmen bedewleriniň dünýäde giňden tanalmagy bilen bir hatarda, olar hakyndaky kitaplaryň daşary ýurt dillerinde neşir edilmegi hem milli atşynaslyk däpleriniň halkara giňişliginde wagyz edilmegine hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri hem şu ugurdaky ähmiýetli işleriň biri boldy.
Aýgül Babaýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby
Teswirler