Sport görnüşleri hakynda täsirli maglumatlar

Sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy bolan sport irki wagtdan bäri adamzadyň iň bir gyzyklanma bilen meşgullanan we ählimize tanyş bolan düşünjedir. Sport – saglygyň sakasy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Dünýä ýüzünde sportuň dürli görnüşleri bolup, olaryň arasynda gyzykly hem-de täsin görnüşleri-de köpdür. Geliň, sportuň şeýle täsirli görnüşleri hakynda durup geçeliň: 

Dünýäde iň meşhur sport görnüşi futboldyr. Milliardlarça adamy ekran başyna ýygnamagy başarýan futbol köpleriň söýýän sport görnüşidir. Ikinji ýerde kriket bolup, sanawda hokkeý hem-de tennis degişlilikde üçünji we dördünji orunda durýar.

Iň howply sport görnüşi söweş sungaty hasaplanýar. Olarda türgenleriň şikes ýetme derejesini azaltmak maksady bilen düzgünleriň bardygyna garamazdan, bu ýagdaý henizem ýokary bolmagynda galýar. Statistiki hasaplamalara görä, professional türgenleriň 65%-den gowragy şikes alýar. Şikes ýetme derejesi boýunça regbi ikinji ýerde, gandbol bolsa üçünji ýerde durýar.

Sportuň käbir görnüşleri tötänleýin ýüze çykypdyr. Mysal üçin, golf irki wagtda şotlandiýalylaryň tegelek daşjagazlary taýak bilen towşan hinlerine urgy arkaly salmaklary ýaly güýmenjesi netijesinde döredi.

Mongol milli göreşi söweş sungaty bilen baglanyşykly gyzykly görnüşleriň biridir. Munda türgenler agramy boýunça kategoriýalara düýbünden bölünmeýär. Şeýle-de ýeňiji bolanlar ýörite tansy hem ýerine ýetirmeli bolýarlar.

Iňlislerde welosiped sürmeklik boýunça üýtgeşik bir sport görnüşi bar. Ol adaty welosiped ýaryşyndan tapawutlanýar. Onda bellenilen ýoluň käbir bölümlerinde gatnaşýan türgenler spirtli içgileri içmeli. Netijede şeýle ýagdaýda pellehana gelmegi başaran türgen ýeňiji hasaplanýar.

Belli bolşy ýaly awtoulag ýaryşy howply sport görnüşleriniň biri bolup durýar. Olardan iň howplusy “Isle of Man TT” hasaplanýar. Sebäbi munda ýaryşlar enjamlaşdyrylan ýolda däl-de, petiklenen şäher köçelerinde geçirilýär. Bu ýaryşlaryň ýüze çykan döwründe köp sanly pidalar emele geldi.

Täsin sport görnüşleriniň hataryna Ýaponiýanyň halky üçin däp bolan “bo-taosi” atly görnüşi hem goşmak bolar. Gyzykly ýeri, oýunda iki toparyň hersinde 150 adam çykyş edýär.

Amangül SEÝİTMUHAMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok