Myrat Mollaýewiň filmi gysga göwrümli film bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ýakynda, Merkezi Aziýa döwletleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda «48 sekuntda film» atly gysga göwrümli filmleriň festiwaly geçirildi. Onda ýurdumyzyň görnükli sungat işgäri, wäşi Myrat Mollaýew 2-nji orna mynasyp bolup ýeňiji bolmagy başardy.

Myrat Mollaýew «InAshgabat» redaksiýasyna beren gyzykly gürrüňinde film barada biraz durup geçdi:

« – Elbetde döredijilik adamy üçin bir zady döretmek aňsat ýöne  bu bäsleşik biz üçin ýeňil bolmady. Könelerimiziň « – Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş akar» – diýşi ýaly, yhlas bilen eden işimiz ýerine düşdi. Bäsleşikde birnäçe ýerine ýetirmeli hökmany şertler boldy. Ýagny film «48 sekunt» bolmaly, filmde «все возможно» (hemme zat bolup biler) diýen söz bolmaly şeýle hem film bir günüň içinde düşürilmeli. Her nämede bolsa biz ýetişdik. Filmi aýdylşy ýaly düşürip ýerine ýetirmeli hökmany şertleri ýerine ýetirdik. Azabymyz ýerine gowşup 2-nji orna mynasyp bolduk. Nesip bolsa, öňümizde ýene-de uly film bäsleşigi ýagny Almaty şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda «48 sagatda film» atly bäsleşigi bar. Döredijilik toparymyz bilen bu bäsleşige hem ýokary derejede taýýarlyk görýäris. Ýene-de ýeňeris diýip umyt edýärin. Sebäbi, dünýäde «HEMME ZAT BOLUP BILER» eken!»

Filmiň režissýory: Myrat Mollaýew;

Operator: Mergen Gurbanlyýew;

Sazy: Kuwwat Gylyjow;

Rollarda: Myrat Mollaýew, Rahat Alowow;

Ses bilen bezän: Kadyr Atabaýew.

Filmiň salgysy: «https://youtu.be/DQc0YN9u6ME»

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok