ENERGETIKA PUDAGY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Elektrik energetikasyny ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzakmöhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Giň möçberli özgertmeleriň netijesinde peýda bolýan täze-täze ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, halk hojalygynyň ähli sarp edijilerini elektrik hem-de ýylylyk energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň paýyna düşýän esasy wezipedir. Bu wezipeleriň çözülmegine ministrligiň düzümine girýän «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň goşýan goşandy uludyr.

Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň uly bölegi senagatda, jemagat we oba hojalygynda ulanylýar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda sarp edilýän, şeýle hem eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberi ýylsaýyn artýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamasyny durmuşa geçirmekde elektrik energetikasy pudagy möhüm orun berilýär.

Jumageldi AMANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok