Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalynyň 8-nji sany çapdan çykdy.
Žurnalda sowal-jogap, seljeriş we statistiki maglumatlar, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli we demokratik özgertmeleriň esasy ugurlary hem-de wezipeleri çap edilen.
Žurnalda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýen şygar astynda geçen 2020-nji ýyldan häzirki wagta çenli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de sanlylaşdyrmakda, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmekde, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda ata Watanymyzyň gazanan üstünlikleri we depginli ösüşleri beýan edilýär.
Teswirler