Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda raýatlarymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmekde uly tagallalar edilýär. Milli Liderimiziň özüniň şahsy göreldesi bilen halkymyzy sagdyn bolmaga, bagtyýar ömür sürmäge çagyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýip belleýär: “Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara ähli döwürde boş wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär we anyk peýda getirýär. Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenmesine, ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär hem-de netijeli şahsy häsiýetiň döremegini şertlendirýär. Has takygy, bedenterbiýe adamda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi, birek-birege bolan oňyn gatnaşyklary, durmuş işjeňligini üpjün edýär.” Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň sportuň saýlap alan görnüşi boýunça meşgullanmagy hem-de islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň, erkiniň we sazlaşykly ösüşiniň köpugurly guraly bolup durýar.
Türgenler parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Ýurdumyzda geçirilýän iri sport ýaryşlary, hemişe bolşy ýaly, ägirt uly dostluk baýramçylygyna öwrülýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge uly ähmiýet berýär, olary halklary we sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän, medeniýetleri birleşdirýän sport çäresi hökmünde garaýar. Halkymyz myhmanlary uly höwes bilen garşylap, olar bilen tejribe alyşýar. Munuň özi sport ýaryşlarynda bolşy ýaly, beýleki şanly seneler mynasybetli guralýan dabaralaryň-da baş ýörelgesine öwrüldi.
Türkmenistanda 2017-nji ýylda geçirilen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary”, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrdy.
Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk çäreler babatda beýleki döwletlere görelde bolýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan dabaralar bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýdyň görkezdi. Onuň baş maksady bolsa halkymyzyň we her bir raýatyň abadançylygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Gülbibi DÖWLETOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler