Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeri W.Abramçenko Russiýanyň häkimiýetleriniň GDA ýurtlaryndan oba hojalyk önümlerini satyn almagyny artdyrmak isleýändiklerini mälim etdi. Bu başlangyç ozal Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan yglan edilipdi – diýip Arzuw.news habar saýty Türkmenistanyň telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň web saýtyna salgylanmak bilen habar berýär.
Saýtda bellenilmegine görä, bu pikir, Russiýa Federasiýasynda azyk önümleriniň bahasynyň ösüş depginini peseltmäge, ilat üçin ýitirilen önümler bilen üpjün etmäge we bäsdeşligi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa öz gezeginde rus öndürijilerine höweslendiriji hökmünde täsir eder.
Russiýanyň metbugatynyň hasabatynda bellenip geçilmegine görä, Russiýa Türkmenistanyň önümlerini, şeýle hem Azerbaýjandan, Täjigistandan we Belorusiýadan oba hojalyk önümlerini satyn almagy artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu ýyl, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna miwe we gök önümleriň eksportyny 93% ýokarlandyrdy.
Taňyrberdiýewa Enegül
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler