MUKADDES GARAŞSYZLYGYMYZYŇ MIWELERI

Türkmen halkynyň zehin-yhlasyndan boý alan synmaz daragtyna şu ýyl 30 ýyl dolýar. Taryhyň sahypalarynyň ýanynda 30 ýyl umman damjalary ýaly hem bolsa, onuň her bir ýylynyň, aýynyň we gününiň göwhere deňelýändigini aýtmak gerek. Bu günki günde eziz Diýarymyzyň çar künjeginde dürli maksatly binalardyr ýaşaýyş jaýlaryň, senagat-kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysynyň açylyş dabaralary şanly Garaşsyzlygymyzyň toý ruhuny belende göterýär.

Hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekany hökmünde at-owazasy älem-jahana dolan ýurdumyzda umumadamzat bähbitli möhüm başlangyçlar rowaç alýar. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütüni bolan Garaşsyzlygyň şanly senesi uly buýsanja beslenýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly senäniň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyla golaý döwründe ata Watanymyz ösüş-özgerişli menzilleri külterledi. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda aýgytly ädim ädildi.

Ynamly öňe gitmek üçin geçilen menzillere ser salmak bähbitlidir. Uly toýuň öň ýanynda Garaşsyzlykda gazanylanlara göz aýlamak has-da ýakymlydyr. Bu babatda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem uly öňegidişlikler gazanylýar we beýik sepgitlere ýetilýär. Bu bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleridir.

Perdegül DURDYBAÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Pedagogika we psihologiýa
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok