Gaitide güýçli ýer titremesi boldy

Gaitiniň Sent-Luis du Sud sebitinden 12 kilometr demirgazyk-gündogarynda 7.2 ball ululygynda ýer titremesi boldy.

Gaiti raýat goranmak gullugy sosial media hasabynda ýer titremesinde pida bolanlaryň sanynyň 304-e ýetendigini, 1800 adamyň ýaralanandygyny ýa-da dereksiz ýitendigini habar berdi. Häzirki wagtda wakanyň bolan ýerinde ýerli ilata kömek etmek we olary howpsuz ýere göçürmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ýer titremesinden soň premýer-ministr Ariel Genri bir aý adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugy (USGS) ýer titremesiniň köp adam pidasyna sebäp bolup biljekdigini belläp, “gyzyl duýduryş” berdi. Gaitide sunami howpunyň bolsa geçendigi habar berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok