Mekdep bazarlary halka hyzmat etmäge başlady

2021-2022-nji okuw ýyly üçin mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary müşderilere hyzmat etmäge başlady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde hyzmat edýän mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary ýakynda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem halka hyzmat etmäge başlar.

Bu söwda nokatlarynyň esasy harytlary ýaşyl we ak köýnekler, tahýalar, dürli görnüşli mekdep torbalary, depderdir gündelikler we beýleki mekdep esbaplary (egin-eşikler, kanselýariýa harytlary) bolup durýar.

Bulardan başga-da satuwy ýola goýulýan harytlaryň arasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Bu harytlar hiliniň ýokarylygy şeýle-de amatly bahalary bilen tapawutlanýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok